Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:59

[1] «Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.

[2] Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.

[3] Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?

[4] Gutulyş pyýalasyny galdyryp, Rebbim diýip Ony çagyraryn.

[5] Bütin halkynyň öňünde Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.

[6] Rebbiň sadyklarynyň ölümi Onuň üçin nähili agyr!

[7] Ýa Reb! Men Seniň bendäň, men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly; Sen zynjyrlarymy gyryp taşladyň.

[8] Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn.

[9] Bütin halkynyň öňünde, Reb öýüniň howlularynda, eý, Iýerusalim, seniň içiňde, Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters