[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury.
[2] Eý, Ysraýyl Çopany, Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý! Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!
[3] Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşaň öňünde; güýjüňi oýar, gel-de halas et.
[4] Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
[5] Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?
[6] Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.
[7] Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler, duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.
[8] Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
[9] Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň.
[10] Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.
[11] Daglar bürendi onuň saýasyna, äpet kedr daragty – şahalaryna.
[12] Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny.
[13] Emma her ötegçiniň onuň miwesini ýolup bileri ýaly, Sen onuň haýatlaryny näme üçin weýran eýlediň?
[14] Tokaý ýekegapany ony dagadýar, meýdan jandarlary ony gemirýär.
[15] Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý! Göklerden sal Sen nazary, gör bu üzüm bagyny –
[16] eliň oturdan bu nahalyny, Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy.
[17] Olar ony otda ýakdylar, ony çapdylar. Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan ýitip gitsinler.
[18] Emma kömek et sagyňdaky ynsana Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala
[19] Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan; bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy.
[20] Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.