Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:02

[1] Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt! Eý, Sion, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!

[2] Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.

[3] Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.

[4] Ol buýruklaryny ýere gönderýär, Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.

[5] Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.

[6] Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?

[7] Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.

[8] Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.

[9] Reb başga hiç millete şeýle etmeýär, olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters