[1] Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.
[2] Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
[3] Taňrylar Taňrysyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
[4] Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[5] Gökleri paýhas bilen ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[6] Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[7] Uly yşyklary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[8] Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[9] Gije höküm sürer ýaly Aýy, ýyldyzlary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[10] Müsüriň nowbaharlaryny öldüren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[11] -
[12] Güýçli eli, uzadan goly bilen, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[13] Gyzyl deňzi ikä bölen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[14] Ysraýyllary onuň ortasyndan geçiren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[15] Faraony, goşunyny Gyzyl deňizde derbi-dagyn eden-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[16] Öz halkyna çölde ýol görkezen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[17] Beýik patyşalary öldüren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[18] Kuwwatly patyşalary ýok eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[19] Amorlaryň patyşasy Sihony ýok eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[20] Başanyň patyşasy Ogy ýok eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[21] Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[22] Olaryň topragyny miras hökmünde Ysraýyla – Rebbe hyzmat edýän halka beren-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[23] Pes günümizde bizi ýatlan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[24] Duşmanlarymyzdan bizi halas eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[25] Ähli janly-jandara iýmit berýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
[26] Gögüň Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.