Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:27

[1] Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan.

[2] Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn.

[3] Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin.

[4] Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin, mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin, zalymlary, goý, weýran etsin!

[5] Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn.

[6] Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin, ýeri suwarýan çabgalar kimin.

[7] Onuň günlerinde adalatlyk güllesin. Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.

[8] Deňizden-deňze, Ýewfrat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli, goý, ol öz hökümini ýöretsin.

[9] Çölde ýaşaýanlar oňa baş egsin, duşmanlary, goý, toprak ýalasyn.

[10] Tarşyş şalary we deňiz ýakasyndakylar oňa paç-hyraç tölesin, Şeba we Seba şalary sowgat getirsin.

[11] Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin.

[12] Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da.

[13] Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär, ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar.

[14] Goraýar sütemden, zorlukdan olaryň janlaryny, nazarynda gymmatly olaryň gany.

[15] Patyşa, goý, uzak ýaşasyn! Şeba altynyndan oňa berilsin, onuň üçin elmydama doga okalsyn, uzakly gün oňa alkyş aýdylsyn.

[16] Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn.

[17] Onuň ady baky ýaşasyn, Gün astynda onuň ady güllesin, ähli halklar onda ýalkansyn, ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin.

[18] Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär.

[19] Onuň şöhratly adyna baky alkyşlar bolsun! Onuň şöhraty tutuş ýeriň ýüzüne dolsun. Omyn! Omyn!

[20] Ýyşaý ogly Dawudyň doga- -dilegleri tamamlandy.

Zebur — Chapters