Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:48

[1] Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!

[2] Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky».

[3] Goý, Harunyň nesli diýsin: «Onuň söýgüsi baky».

[4] Goý, Rebden gorkýanlar diýsin: «Onuň söýgüsi baky».

[5] Darygan çagymda çagyrdym Rebbi, Reb jogap berdi, göwnüme saldy giňligi.

[6] Reb – tarapdarym, gorkmaýaryn men, ynsan maňa näme edip bilsin?

[7] Reb kömekçi dek tarapdarymdyr, meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin.

[8] Ynsana bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.

[9] Şalara bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.

[10] Ähli milletler gurşap aldy daşymy, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.

[11] Olar gurşap aldy meniň daşymy, çar tarapdan gabady meni, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.

[12] Olar ary kimin meni gurşady, ýöne ýandak ody dek söndi, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.

[13] Ýykylarym ýaly, gaty itildim, emma Reb boldy meniň kömegim.

[14] Reb – güýjüm hem-de aýdymym, Ol meniň Halasgärimdir.

[15] Dogrularyň çadyrlarynda şatlyk, ýeňiş nagmalary ýaňlanýar: «Rebbiň goly zor işleri görkezýär!

[16] Rebbiň goly belende galýar! Rebbiň goly zor işleri görkezýär!»

[17] Men ölmerin, aman ýaşaryn hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin.

[18] Reb meni berk jezalandyrdy, emma ölüme meni bermedi.

[19] Açyň maňa dogrulyk derwezelerini, men girip, Rebbe şükür edeýin.

[20] Bu – Rebbiň derwezeleri, dogrular ondan girerler.

[21] Men Saňa şükür edeýin, çünki jogap berdiň, meni halas eýlediň.

[22] Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy.

[23] Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy.

[24] Bu – Rebbiň ýaradan güni, geliň onda begeneli we şatlanaly.

[25] Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi, Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi.

[26] Reb adyndan gelýän bolsun alkyşly! Reb öýünden siziň üçin etjek doga-dilegi.

[27] Beýik Hudaýdyr, üstümize nur saçan Oldur. Gurbanlyk malyny alyň, ony gurbanlyk sypasyna daňyň.

[28] Sen – meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek, Sen – meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek.

[29] Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!

Zebur — Chapters