[1] Ýa Reb, dogamy eşit, dady-perýadyma gulak goý; Öz sadyklygyňda we dogrulygyňda, maňa jogap ber!
[2] Öz bendäň bilen dawa girişme, çünki dirileriň hiç biri Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.
[3] Duşmanlar aňtaýar meniň janymy, ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy, gadymyýetde ölenler kimin, olar tümlükde oturtdy meni.
[4] Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.
[5] Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.
[6] Saňa tarap ellerimi gerýärin. Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela
[7] Ýa Reb, maňa tizräk jogap beräý-dä! Meniň ruhum ysgyndan düşýär! Gabra inýänlere meňzemez ýaly, menden gizleme Sen Öz ýüzüňi.
[8] Ertirlerine maňa duýdur sadyk söýgiňi, çünki Saňa baglaýan bili. Maňa bildir ýöremeli ýolumy, çünki men Saňa intizardyryn.
[9] Ýa Reb, duşmanlarymdan halas et meni, men Seni pena edinýändirin!
[10] Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret, çünki meniň Hudaýym Sensiň! Seniň ýagşy Ruhuň düz ýoldan meni äkitsin!
[11] Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna, gora Sen ýaşaýşymy! Öz dogrulygyňyň hatyrasyna, muşakgatdan halas eýle janymy!
[12] Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna, meniň duşmanlarymy heläk edersiň; janyma ezýet berýänleriň baryny weýran edersiň, çünki men Seniň bendäňdirin.