[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.
[2] Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler. Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler; ýagşylyk edýän ýok.
[3] Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.
[4] Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
[5] Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.
[6] Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar. Sen olary galdyrarsyň uýada, çünki olary Hudaý ret etdi.
[7] Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.