[1] Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!
[2] Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!
[3] Men dymyp, uzakly gün zar-zar aglanymda, gurap galdy meniň süňklerim.
[4] Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy, tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela
[5] Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela
[6] Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.
[7] Sensiň meniň gizlenýän ýerim; goraýarsyň meni howp-hatarlardan; Sen meni halas eýlediň, ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela
[8] «Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.
[9] Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma: agyzzyryk bilen uýan bolmasa bilmeýärler olar gitjek ýoluny».
[10] Köp bolýandyr erbetleriň gaýgysy, emma Rebbe bil baglaýanlary gurşap alýar Onuň sadyk söýgüsi.
[11] Eý, dogry adamlar, Rebde begeniň hem-de şatlanyň! Eý, ýüregi dogrular, hemmäňiz heşelle kakyň!