Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:11

[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.

[2] Rebbiň beýik işlerini beýan edip biljek barmyka? Oňa laýyk şan-şöhrat aýdyp biljek barmyka?

[3] Adalaty goraýanlar, elmydama dogrulyk edýänler nähili bagtly!

[4] Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde, meni ýada sal. Seniň seçip-saýlanlaryňyň abadanlygyny görüp bilerim ýaly, halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly, saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly, olary halas edeniňde maňa kömek et.

[6] Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik, ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik.

[7] Ata-babalarymyz Müsürde gudratlaryňa düşünmediler, boldan-bol sadyk söýgiňi ýatlamadylar. Gyzyl deňziň ýakasynda baş galdyrdylar.

[8] Emma Ol gudratyny bildirmek üçin, Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi.

[9] Ol Gyzyl deňze buýurdy, ol hem gurady, olary çuňlukdan gury ýerden kimin geçirdi.

[10] Olary duşman elinden halas eýledi, olary ýagynyň penjesinden Ol azat etdi.

[11] Suwlar duşmanlarynyň üstüni örtdi, olardan hiç biri aman galmady.

[12] Şonda Onuň sözlerine uýdular, Oňa şöhrat nagmasyny aýtdylar.

[13] Emma olar Onuň işlerini tiz unutdylar, Onuň maslahatyna garaşmadylar.

[14] Olar çölde açgözlüge göwün berdiler, çöl-beýewanda Hudaýy synap gördüler.

[15] Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.

[16] Olar düşelgede Musa, Rebbiň ruhanysy Haruna görip boldular.

[17] Ýer ýarylyp Datany ýalmap ýuwutdy, Abyramyň toplanyşygynyň üstüni örtdi.

[18] Olaryň toplanyşygynda ot alawlady, erbetleri ýalyn ýandyrdy.

[19] Olar Horepde öküziň heýkelini ýasap, guýma buta sežde etdiler.

[20] Olar Hudaýyň şan-şöhratyny ot iýýän öküziň şekiline çalyşdy.

[21] -

[22] Olar Hudaýy – Müsürde beýik işleri, Ham ýurdunda gudratlary işleri, Gyzyl deňizde haýbatly işleri eden Halasgärlerini ýatdan çykardy.

[23] Ol olary ýok etmek howpuna saldy, emma Musa, Onuň saýlany, Oňa töwella etdi, Onuň ýandyryjy gazabyn sowdy.

[24] Olar gözel ýurdy äsgermediler, Onuň beren sözüne ynanmadylar.

[25] Öz çadyrlarynda hüňürdeşdiler, Rebbiň sesini diňlemediler.

[26] -

[27] Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.

[28] Soňra Bagalpegor butuna bil bagladylar, ölülere bagyş edilen gurbanlyklary olar iýdiler.

[29] Olar edenleri bilen Rebbi gazaplandyrdy, mergi olaryň başyna indi.

[30] Şonda Pinehas durup töwella etdi, mergi togtady.

[31] Bu oňa dogrulyk hökmünde nesillerboýy baky saýyldy.

[32] Olar Meribanyň boýunda Rebbi gazaplandyrdy, Musa olar zerarly oňaýsyz ýagdaýa galdy.

[33] Çünki olar onuň ruhuny gaýgylandyrdy, onuň dili oýlanyşyksyz sözleri aýtdy.

[34] Olar Rebbiň buýranlaryny berjaý etmediler – olar halklary ýoklamadylar.

[35] Gaýtam milletlere garyşyp, olaryň däp-dessuryna eýerdiler.

[36] Olaryň butlaryna hyzmat etdiler, butlar hem olara duzak boldular.

[37] Olar öz ogullaryny we gyzlaryny galp hudaýlara gurban etdiler.

[38] Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar.

[39] Edenleri bilen haram boldular, öz işleri arkaly zyna etdiler.

[40] Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.

[41] Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi.

[42] Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi.

[43] Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler.

[44] Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.

[45] Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, sadyk söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi.

[46] Olary ýesir edenleriň kalbyna olar babatda rehim-şepagat saldy.

[47] Eý, Hudaýymyz Reb, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi toplap al.

[48] Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun! Ähli halk, goý, «Omyn!» diýsin. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters