[1] Mezmur. Sabat güni üçin nagma.
[2] Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!
[3] On kirişli guralda we arfada, lirada mukamlar çalyp, gije-gündiz söýgiňi, wepadarlygyňy beýan eýlemek!
[5] Çünki, ýa Reb, işleriň bilen meni şat etdiň, elleriňiň işlerine şatlanyp nagma aýdaryn.
[6] Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň! Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!
[7] Kemakyl adam muny bilmeýär, akmak muňa hiç düşünmeýär.
[8] Emma erbetler ot deý gögerseler-de, betkärler gülleseler-de, olar baky weýrançylyga höküm edilen.
[9] Emma Sen, ýa Reb, baky belentsiň.
[10] Ine, ýa Reb, duşmanlaryň, Seniň duşmanlaryň, ýitip giderler, ine, ähli betkärler dargadylarlar.
[11] Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň, başyma täze ýag guýup, meni saýladyň.
[12] Duşmanymyň ýeňlişini gördi gözlerim, maňa garşy galýanlaryň heläk bolşuny eşitdi meniň gulagym.
[13] Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.
[14] Olar ekilendir Rebbiň öýünde, gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda.
[15] Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
[16] Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam, Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar.