[1] Eý, Hudaýym, meniň Patyşam! Men Seni beýgelderin, Seniň adyňa ebedi we baky alkyş aýdaryn.
[2] Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.
[3] Reb beýik, Ol çensiz öwgä mynasyp, Onuň beýikligi ynsan aňyna sygmaz.
[4] Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.
[5] Seniň belentligiňiň şanly şöwketi, ajaýyp işleriň barada men oýlanaryn.
[6] Olar haýbatly işleriň gudratyndan gürrüň bererler, men hem Seniň beýikdigiňi yglan ederin.
[7] Seniň bolelin ýagşylygyň dabarasyny beýan ederler, Seniň dogrulygyň barada nagma aýdarlar.
[8] Reb merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baýdyr.
[9] Reb hemmeler üçin ýagşydyr, Ol ähli ýaradanlaryna merhemet edýär.
[10] Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler, ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.
[11] -
[12] Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin, olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.
[13] Seniň şalygyň – müdimi şalyk, hökümdarlygyň – nesillerboýy. Reb ähli sözlerinde wepadar, Ol ähli işlerinde rehimdar.
[14] Reb söýgetleýär ähli ýykylanlary, Ol dikeldýär ähli bükülenleri.
[15] Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.
[16] Sen eliňi açýarsyň, ähli jandarlara islän zadyny berýärsiň.
[17] Reb ähli ýollarynda dogrudyr, Ol ähli işlerinde rehim-şepagatlydyr.
[18] Reb Özüni çagyrýanlaryň hemmesine, Özüni çyndan çagyrýanlaryň hemmesine ýakyndyr.
[19] Ol Özünden gorkýanlary myradyna ýetirýär, olaryň nalyşyny eşidýär we halas edýär.
[20] Reb Özüni söýýänleriň ählisini goraýar, emma erbetleriň baryny Ol heläk eder.
[21] Meniň agzym Rebbe öwgüler aýdar, janly-jandarlaryň bary asyrlarboýy mukaddes adyna alkyşlar aýdar!