Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:40

[1] Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;

[2] sowudyňy geý, galkanyňy al, dadyma ýetiş.

[3] Meni kowalaýanlara garşy naýzaly, aýpaltaly çyk. Kalbyma diý: «Halasgäriň – Men».

[4] Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.

[5] Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun; Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin.

[6] Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun; Rebbiň perişdesi olary kowsun.

[7] Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.

[8] Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.

[9] Meniň janym bolsa Rebde şat bolar; meni halas edendigine begener.

[10] Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».

[11] Betniýet şaýatlar garşyma çykýar, bilmeýän zadymy menden soraýar.

[12] Ýagşylygyma ýamanlyk edýär, meniň janymy hossarsyz goýýar.

[13] Men bolsa jul geýerdim olar syrkawka, agyz bekläp, özümi pespäl tutardym; emma jogapsyz galdy doga-dilegim.

[14] Men olara dostum ýa doganym ýaly garardym, ejeme ýas tutýan dek başym aşak salyp, matam tutardym.

[15] Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.

[16] Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek, olar maňa dişlerini gyjaýardylar.

[17] Ýa Taňry, Sen haçana çenli muňa seretjek? Olaryň süteminden halas et meniň janymy, arslanlardan halas et ýeke-tägimi.

[18] Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin, köp sanly halkyň arasynda Seni şöhratlandyraryn.

[19] Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.

[20] Çünki olar asudalyk barada gürrüň etmeýärler, tersine, ýer ýüzündäki asudahalarlara garşy hileli sözleri oýlap tapýarlar.

[21] Meni aýyplap, agyzlaryny giňden açýarlar: «Hä-ä, öz gözümiz bilen görendiris!» diýýärler.

[22] Ýa Reb, Özüň gördüň, dymma! Ýa Taňry, menden uzakda bolma.

[23] Meniň hakym hem dawam üçin, gaýrata gal, oýan, eý, Hudaýym, Taňrym.

[24] Dogrulygyňa laýyklykda meni akla, eý, Beýik Hudaýym; heşelle kakmasynlar meniň üstümden.

[25] Ýürekden: «Hä-ä, ýürek islegimiz ýerine düşdi: biz ondan dyndyk» diýip, olar aýtmasyn.

[26] Hasratyma şatlanýanlaryň bary ýüzleri gyzaryp, biabraý bolsun; öňümde özüni beýgeldýänleriň eginbaşlary utanç hem-de betnamlyk bolsun.

[27] Meniň haklylygymy isleýänler şatlanyp, heşelle kaksyn, «Öz bendesine parahatlyk isleýän Rebbiň belentligi artsyn» diýip, dyngysyz aýtsyn.

[28] Meniň dilim Seniň dogrulygyňy aýdar hem-de uzakly gün Saňa ol alkyş eder.

Zebur — Chapters