Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:19

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.

[2] Eý, ähli halklar, eý, dünýäde ýaşaýanlar, ähliňiz muny eşidiň.

[3] Sada halk we begzadalar, baý we pukara – baryňyz diňläň.

[4] Meniň agzym danalygy sözlesin, ýürek pikirlerim düşünje bersin.

[5] Men bir tymsala gulak gereýin, mukam bilen matalymy çözüp bereýin.

[6] Muşakgatlyk wagtynda, duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende, men näme üçin gorka düşeýin?

[7] Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar, mal-mülküniň köplügine magtanýar.

[8] Ynsan doganynyň ebedi ýaşary ýaly, hem-de gabry görmezi ýaly, pul töläp, ony azatlyga çykaryp bilmez; onuň üçin Hudaýa töleg tölemez. Dogrudan-da, jan azatlygyny gazanma gymmat, muny hiç kim başaryp bilmez.

[11] Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar.

[12] Mazarlary baky öýleri bolar, mesgenleri geçer nesilden-nesle, atlaryny dakýarlar öz mülklerine.

[13] Ýöne ynsan hormatda galmaz, ol ýok bolup gidýän haýwanlar ýalydyr.

[14] Olaryň ýoly şular ýalydyr, akmaklyk-da olaryňkydyr. Emma muňa garamazdan, indiki nesil olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela

[15] Olar ölüler dünýäsine goýun dek sürler, ölüm olaryň çopany bolar; säher çagy dogry adamlar olaryň üstünden agalyk sürer; ýaşaýan ýerlerinden uzakda – ölüler dünýäsinde bedeni çüýrär.

[16] Emma Hudaý meni kabul eder; Ol ölüler dünýäsiniň ygtyýaryndan, meniň janymy boşadar. Sela

[17] Bir adam baýap, öýüniň şöhraty artsa, muny görüp, umytdan düşme.

[18] Çünki ölende ýany bilen hiç zat äkitmez, şöhraty onuň yzyna düşmez.

[19] Ýaşaýşynda özüni bagtly saýsa-da, (öwýändirler seni rowaçlananyňda)

[20] onuň jany ata-babasynyň ýanyna gider; olar gaýdyp görmezler nury.

[21] Hormatlansa-da, muny göternip bilmeýän ynsan, ýok bolup gidýän haýwanlar deýdir.

Zebur — Chapters