[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr, lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.
[2] Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
[3] Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.
[4] Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar, olaryň ählisini Ol atlandyrýar.
[5] Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
[6] Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.
[7] Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!
[8] Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.
[9] Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.
[10] Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar, ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
[11] Reb Özünden gorkýanlardan, Onuň sadyk söýgüsine umyt baglaýanlardan, keýpi çag bolýar.