[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysy Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury.
[2] Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin, ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn; erbetler meniň garşymda durka agzymy jylawlap saklajakdyryn».
[3] Lal bolup, ümsümligi bozmadym, hatda ýagşy zatlary-da aýtmadym; emma beterledi meniň agyrym.
[4] Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:
[5] «Bildir, ýa Reb, meniň soňumy hem-de galan günlerimiň sanyny; bildir ömrümiň panydygyny.
[6] Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň! Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr. Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela
[7] «Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.
[8] Ýa Taňry, indi nämä garaşaýyn men? Meniň ähli umydym Sende.
[9] Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.
[10] Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny.
[11] Aýyr menden Öz urgularyňy, eliň zarbyna ýitip gidýärin.
[12] Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde, guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň; dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela
[13] «Ýa Reb, meniň dogamy eşit, gulak goý dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki.
[14] Nazaryňy menden sow, gidip, ýok bolmazdan öň bir ynjalaýyn».