[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.
[3] Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen, meni akla Sen gudratyň bilen.
[4] Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý.
[5] Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela
[6] Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy.
[7] Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.
[8] Saňa höwes bilen gurbanlyk keseýin, ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.
[9] Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi, gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.