Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:37

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:

[2] Seni söýýärin, ýa Reb – kuwwatym.

[3] Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.

[4] Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn, hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.

[5] Ölüm tanaplary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.

[6] Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy, ölüm duzaklary garşymdan çykdy.

[7] Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi.

[8] Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.

[9] Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan, ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.

[10] Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.

[11] Ol bir keruba mündi-de, uçdy, ýeliň ganatlarynda gaýdy.

[12] Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni.

[13] Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.

[14] Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.

[15] Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.

[16] Şonda, ýa Reb, Seniň käýinjiňden, burnuňdan çykan demiňden ýaňa, deňziň geçelgeleri göründi, dünýäniň-de binýatlary açyldy.

[17] Ol belentden ýetdi hem meni aldy Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.

[18] Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan, çünki olar güýçlüdi menden.

[19] Olar betbagt günümde garşyma çykdy, ýöne Reb meniň daýanjym boldy.

[20] Meni giň ýere çykardy hem halas etdi, çünki Ol menden göwnühoş boldy.

[21] Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.

[22] Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.

[23] Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary, özümden daşlaşdyrmadym Onuň parzlaryny.

[24] Men kämildim Onuň öňünde, sakladym özümi günä etmekden.

[25] Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.

[26] Sadyklyk edýärsiň Sen sadyklara, kämillik edýärsiň Sen kämillere,

[27] päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara, egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.

[28] Pesgöwünli halky halas edýärsiň, emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.

[29] Ýa Reb, çyrama nur berýän Sensiň, Hudaýym ýagtyldýar meň tümlügimi.

[30] Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.

[31] Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.

[32] Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!

[33] Ol meni kuwwata besleýän Hudaý, Ol meniň ýolumy aýypsyz edýär.

[34] Aýaklarymy keýigiňki dek edýär, belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.

[35] Urşa türgen edýär Ol ellerimi, gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.

[36] Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň goluň meni goldaýar, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.

[37] Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň, meniň aýaklarym taýmaýar.

[38] Duşmanlarymy kowalap, yzlaryndan ýetýärin, olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.

[39] Men olary derbi-dagyn edýärin, galyp bilmeýär, aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.

[40] Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň, garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.

[41] Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy, gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.

[42] Perýat etseler-de, olary halas edýän ýok; Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.

[43] Olary owradyp, tozan dek ýele sowurýan, köçeleriň palçygy kimin taşlaýan.

[44] Söweşjeň halkdan meni halas eýleýäň, Sen meni milletlere baş edip goýýaň, tanamadyk halkym tabyndyr maňa.

[45] Meni eşiden dessine boýun bolýarlar, ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.

[46] Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär, olar galalaryndan titreşip çykýar.

[47] Reb diridir! Meniň Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!

[48] Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr, Ol halklary maňa tabyn edýändir,

[49] Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär. Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň, hem-de meni zalymdan halas edýärsiň.

[50] Munuň üçin, ýa Reb, milletler arasynda Seni alkyşlaryn, Seniň adyňa nagmalar aýdaryn.

[51] Ol Öz şasyna beýik ýeňişler berýär, seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline elmydama sadyk söýgüsini görkezýär.

Zebur — Chapters