Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:15

[1] Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.

[2] Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly, alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.

[3] Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.

[4] Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.

[5] Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony, gury ýere şekil berdi Onuň elleri.

[6] Geliň, sežde edip, tagzym edeli, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.

[7] Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, Onuň elindäki goýunlardyrys. Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz:

[8] «Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.

[9] Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady, edenlerimi görse-de, Meni synady.

[10] Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym. Diýdim: „Bu halkyň ýüregi Menden uzakdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.

[11] Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».

Zebur — Chapters