Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 17:09

[1] Kämil ýoldan ýöreýänler, Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr!

[2] Onuň düzgünlerini saklaýanlar, tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr!

[3] Olar nähak işi etmeýär, olar Onuň ýollaryndan ýöreýär.

[4] Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi, Sen emr etdiň.

[5] Parzlaryňy berjaý ederim ýaly, hernä üýtgemesedi meniň ýollarym.

[6] Şonda tabşyryklaryňa nazar salanymda, men utanmaryn.

[7] Adalatly hökümleriňi öwrenen çagym, päk ýürekden Saňa öwgi aýdaryn.

[8] Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni. Bet

[9] Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler? Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen.

[10] Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen, meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen.

[11] Saňa garşy günä etmäýin diýip, Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym.

[12] Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.

[13] Agzyňdan çykan adalatly hökümleriň baryny, men dilim bilen yglan edýärin.

[14] Seniň düzgünleriňden lezzet alýaryn, göýä ähli baýlyga eýe bolan ýaly bolýaryn.

[15] Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin.

[16] Parzlaryňdan lezzet alaryn, Seniň sözüňi men unutmaryn. Gimel

[17] Ýaşap, sözüňi saklap bilerim ýaly, Sen bendäňe et jomartlygy.

[18] Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlermi.

[19] Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde, Öz tabşyryklaryňy gizleme menden.

[20] Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim, elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim.

[21] Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara: tekepbirlere hem-de lagnatlylara.

[22] Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.

[23] Hökümdarlar oturyp, maňa garşy dil birikdirýär, bendäň bolsa parzlaryň barada oý-pikire batýar.

[24] Seniň düzgünleriň – keýpiköklügim, olar meniň – geňeşdarlarym. Dalet

[25] Meniň janym gara ýere ýapyşýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa ber ömri.

[26] Men beýan edenimde öz ýollarymy, Sen maňa berdiň jogaby; öwret maňa Öz parzlaryňy.

[27] Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny, ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn.

[28] Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber.

[29] Ýalan ýollary menden uzak et, merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret.

[30] Wepalylyk ýoluny men saýlap aldym, Seniň adalatly hökümleriňi öňümde goýdum.

[31] Ýa Reb, düzgünleriňden mäkäm ýapyşdym, Sen meni utanja goýma.

[32] Tabşyryklaryňyň ýolundan ylgaýaryn men, çünki Sen kalbymyň düşünjesini giňeltdiň. He

[33] Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret, men ony ahyra çenli saklaryn.

[34] Maňa düşünje ber kanunyňy berjaý ederim ýaly, ony tutuş ýüregim bilen saklarym ýaly.

[35] Tabşyryklaryňyň ýolundan Sen meni ýöret, çünki men ondan alýaryn lezzet.

[36] Diňe öz bähbidimi aramaz ýaly, Öz düzgünleriňe tarap öwür ýüregimi.

[37] Boş hysyrdylardan sow gözlerimi, Öz ýollaryňda maňa ber ýaşaýyşy.

[38] Özüňden gorkýanlara berdiň wadany: men–bendäň babatda hem tassykla ony.

[39] Menden sow gorkýan masgaralygymy, çünki Seniň adalatly hökümleriň ýagşydyr.

[40] Jan-tenden küýseýärin buýruklaryňy, Öz dogrulygyňda maňa ber ýaşaýyşy. Waw

[41] Ýa Reb, Öz beren wadaňa görä, sadyk söýgiň gelsin, halas et meni.

[42] Şonda özümi ýaňsylanlara jaýdar jogap bererin, çünki Seniň sözüňe bil baglaýandyryn.

[43] Hakykat sözüni bütinleý alma agzymdan, çünki adalatly hökümleriňe umyt baglaýandyryn.

[44] Men dyngysyz, baky, ebedi Seniň kanunyňy berjaý ederin.

[45] Men Seniň buýruklaryňy agtardym, şonuň üçin erkanalykda gezerin.

[46] Şalaryň öňünde düzgünleriňi aýdaryn, hiç utanmaryn.

[47] Seniň tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn, çünki olary men söýýändirin.

[48] Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin, parzlaryň barada oýa batýaryn. Zaýin

[49] Öz bendäňe beren sözüňi ýatla, ol arkaly umyt berensiň maňa.

[50] Ol darygan günümde meniň tesellim, çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär.

[51] Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar, şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän.

[52] Gadymy adalatly hökümleriň barada oýlananymda, ýa Reb, men tapýaryn teselli.

[53] Kanunyňy terk edýän erbetleri görenimde, gahar-gazap gurşaýar meni.

[54] Gelmişek bolup ýaşan her bir ýerimde, Seniň parzlaryň aýdymym boldy.

[55] Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn, Seniň kanunyňy berjaý edýärin.

[56] Men şeýle durmuşy amal edýärin: buýruklaryňy berjaý edýärin. Ḥet

[57] Reb – meniň paýym Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim.

[58] Tutuş kalbym bilen Saňa ýalbarýaryn: «Öz wadaňa görä, maňa merhemet eýle».

[59] Öz ýollarym barada oýlananymda, gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim.

[60] Tabşyryklaryňy berjaý etmeklik üçin alňasap, olary gijikdirmedim.

[61] Erbetleriň tanaplary maňa duzak bolsa-da, Seniň kanunyňy men unutmadym.

[62] Seniň hökümleriň adalatlydygy üçin, ýary gije turup, Saňa öwgi aýdýaryn.

[63] Senden gorkýanlaryň baryna, buýruklaryňy berjaý edýänleriň baryna hemra bolýaryn.

[64] Ýa Reb, ýeriň ýüzi sadyk söýgiňden doly, maňa öwret Öz parzlaryňy. Ṭet

[65] Ýa Reb, wadaňa görä, Öz bendäňe etdiň Sen ýagşylygy.

[66] Maňa öwret paýhas bilen bilimi, çünki tabşyryklaryňa men iman etdim.

[67] Ejir çekmezden öň men azaşypdym, emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin.

[68] Sen ýagşysyň, edýärsiň ýagşylyklary, maňa öwret Öz parzlaryňy.

[69] Tekepbirler maňa myjabat atýar, men bolsa tutuş kalbym bilen buýruklaryňy berjaý edýärin.

[70] Olaryň ýürekleri daşa öwrüldi, hiç zat duýmaýar, men bolsa kanunyňdan lezzet alýaryn.

[71] Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin, ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy.

[72] Seniň agzyňyň sözlän kanuny maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy. Ýod

[73] Seniň elleriň meni ýaradyp, maňa durk berdi, tabşyryklaryňy öwrenerim ýaly ber düşünjäni.

[74] Senden gorkýanlar meni görüp şatlanar, çünki Seniň sözüňe umyt bagladym.

[75] Ýa Reb, bilýärin: adyldyr Seniň hökümleriň, wepalylygyň sebäpli maňa ejir çekdirdiň.

[76] Öz bendäňe beren wadaňa görä, sadyk söýgiň maňa teselli bolsun.

[77] Rehim et, goý, men ýaşaýyn çünki kanunyň – keýpiköklügim.

[78] Tekepbirler, goý, utanja galsyn, çünki olar nähak ýere şyltak atdylar, men bolsa buýruklaryň barada oýa bataryn.

[79] Senden gorkýanlar düzgünleriňi bileri ýaly, goý, olar maňa öwrülsin.

[80] Utanja galmazym ýaly, kalbym parzlaryňda, goý, kämil bolsun. Kaf

[81] Halas edişiňe intizar bolup, janym örtenýär, men Seniň sözüňe umyt baglaýan.

[82] Seniň wadaňa intizar meniň gözlerim, «Haçan teselli berersiň?» diýip soraýan.

[83] Tüsseden zaýalanan meşik deý boldum, emma Seniň parzlaryňy men unutmadym.

[84] Seniň bendäň garaşmaly haçana çenli? Aňtaýjylaryma haçan çykarjak Sen hökümiňi?

[85] Tekepbirler maňa çukur gazdylar, olar Seniň kanunyňa görä ýaşamaýarlar.

[86] Seniň tabşyryklaryňyň bary ygtybarlydyr, maňa kömek et, olar nähak ýere azar berýärler.

[87] Olar meni tas ýok edipdi ýeriň ýüzünden, şonda-da buýruklaryňy men terk etmedim.

[88] Agzyňyň düzgünlerini saklap bilerim ýaly, Öz sadyk söýgiňde maňa ber ýaşaýyşy. Lamed

[89] Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde baky berkarar boldy.

[90] Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy, Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur.

[91] Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur, çünki olar Saňa gulluk edýärler.

[92] Eger kanunyň keýpiköklügim bolmadyk bolsa, ýok bolup giderdim gaýgy-gamymda.

[93] Asla unutmaryn buýruklaryňy, çünki olar arkaly maňa ýaşaýyş berdiň.

[94] Men Seniňki, meni halas et, çünki buýruklaryňa berdim men dykgat.

[95] Erbetler meni ýok etjek bolup, bukuda ýatýar, men bolsa düzgünleriň barada pikire batýan.

[96] Gördüm ähli kämillikleriň çäklidigini, emma Seniň tabşyryklaryň çendenaşa giň. Mem

[97] Seniň kanunyňy juda söýýärin! Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym.

[98] Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär, çünki ol elmydama meniň aňymda.

[99] Ähli halypalarymdan paýhasly boldum, çünki Seniň düzgünleriň – oýlanmalarym.

[100] Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn, çünki buýruklaryňy berjaý edýärin.

[101] Seniň sözüňi saklamak üçin, ähli ýaman ýoldan men gaça durdum.

[102] Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim, çünki maňa Sen tälim berdiň.

[103] Seniň wadaň maňa nähili süýji! Ol agzyma baldan-da süýji!

[104] Buýruklaryň arkaly boldum paýhasly, şonuň üçin ýigrenýärin her ýalan ýoly. Nun

[105] Seniň sözüň – çyra aýaklaryma, ol – ýagtylyk meniň ýodama.

[106] Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip, men kasam etdim we berjaý etdim.

[107] Men jebir-jepalar çekdim; Ýa Reb, Öz wadaňa görä ber ýaşaýyşy.

[108] Ýa Reb, gurbanlyk hökmünde kabul et alkyşlarymy hem-de öwret maňa adalatly hökümleriňi.

[109] Janym dyngysyz howp astynda bolsa-da, Seniň kanunyňy unutmaýaryn.

[110] Erbetler maňa duzak gursa-da, Seniň buýruklaryňdan azaşmaýaryn.

[111] Seniň düzgünleriň – baky mirasym, çünki olar meniň ýürek şatlygym.

[112] Seniň parzlaryňy berjaý etmegi ýüregime düwdüm baky, ahyra çenli. Sameh

[113] Ikiýüzlüleri men ýigrenýärin, Seniň kanunyňy bolsa söýýärin.

[114] Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym, men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.

[115] Eý, betkärler, menden aýrylyň, men Hudaýymyň tabşyryklaryny berjaý edeýin.

[116] Wadaňa görä meni söýgetle, goý, men ýaşaýyn, öz umydymdan hiç utanmaýyn.

[117] Maňa daýanç bol, halas bolaýyn, parzlaryňa elmydama dykgat bereýin.

[118] Parzlaryňdan azaşanlary Sen ret edýärsiň, çünki olaryň hilesi puçdur.

[119] Çöp-çör kimin taşlaýarsyň ýer ýüzündäki ähli erbetleri, şoňa üçin men söýýärin düzgünleriňi.

[120] Seniň wehimiňden titreýär tenim, men gorkýaryn hökümleriňden. Ğaýin

[121] Adalatly we hak işleri etdim, meni sütemkärlerimiň eline berme.

[122] Kepillendir Öz bendäňiň abadanlygyny, tekepbirler ezmesin meni.

[123] Halas edişiňe, dogry wadaňyň berjaý bolmagyna meniň gözlerim intizar galdy.

[124] Bendäňe sadyk söýgiňde gara, parzlaryňy öwret Sen maňa.

[125] Men Seniň bendäň, paýhas ber maňa, akyl ýetireýin düzgünleriňe.

[126] Indi Rebbiň hereket etmeli wagty, çünki ynsanlar bozdular Seniň kanunyňy.

[127] Men welin altyndan, sap altyndan-da köp söýýärin Seniň tabşyryklaryňy.

[128] Dogry saýýaryn ähli buýruklaryňy, ýigrenýärin her ýalan ýoly. Pe

[129] Ajaýypdyr Seniň düzgünleriň, şonuň üçin olary berjaý edýärin.

[130] Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär, sada ynsanlara düşünje berýär.

[131] Tabşyryklaryňa bolan küýsegden ýaňa, agzymy açamda-da, howa ýetmeýär maňa.

[132] Adyňy söýýänlere edişiň ýaly, nazar salyp, maňa merhemet eýle.

[133] Öz wadaňa görä mäkäm et ädimlerimi, hiç bir ýamanlyk üstümden höküm sürmesin.

[134] Ynsan süteminden azat et meni, men Seniň buýruklaryňy berjaý edeýin.

[135] Bendäňiň üstüne saç ýüzüň nuruny, maňa öwret Öz parzlaryňy.

[136] Gözlerimiň ýaşy sil deýin akýar, çünki ynsanlar kanunyňy berjaý etmeýär. Tsadi

[137] Ýa Reb, Sen – dogry, Seniň hökümleriň hem adalatly.

[138] Seniň buýran düzgünleriň adyl hem-de juda wepaly.

[139] Yhlasym meni ýakyp-ýandyrýar, çünki duşmanlarym unudýar Seniň sözüňi.

[140] Seniň wadaň örän ygtybarlydyr, Seniň bendäň ony söýýändir.

[141] Äsgerilmän, kemsidilsem-de, unutmaýaryn buýruklaryňy.

[142] Seniň dogrulygyň – baky dogrulyk, Seniň kanunyň hem hak.

[143] Muşakgat we külpet üstüme indi, şonda-da tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn.

[144] Seniň düzgünleriň dogry asyrlarboýy, maňa paýhas ber, goý, men ýaşaýyn. Ķof

[145] Tutuş ýüregim bilen perýat edýärin, Ýa Reb, maňa jogap ber, men parzlaryňy berjaý edeýin.

[146] Seni çagyrýaryn, meni halas et, düzgünleriňi berjaý edeýin.

[147] Gün dogmanka turup, perýat edýärin, Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.

[148] Seniň wadaň barada oýlanmak üçin, gözlerim uzakly gijäni oýa geçirdi.

[149] Öz sadyk söýgiňe görä eşit sesimi, ýa Reb, adalatyňa görä maňa ber ýaşaýyşy.

[150] Meni ýaman niýet bilen yzarlaýanlar ýakyna geldi, olar Seniň kanunyňdan uzakdadyrlar.

[151] Emma Sen ýakynsyň, ýa Reb. Seniň tabşyryklaryň ählisi hakdyr.

[152] Bilýärdim ozaldan bäri: Seniň düzgünleriň baky berkarar. Reş

[153] Jebir-jepamy gör-de, halas et meni, çünki unutmaýan men kanunyňy.

[154] Hakymy alyp ber, azat et meni, wadaňa görä maňa ber ýaşaýyşy.

[155] Halas bolardan uzakdyr erbetler, çünki olar agtarmaýar Seniň parzlaryňy.

[156] Ýa Reb, ägirt Seniň rehimiň, maňa adalatly hökümleriňe görä ber ýaşaýyşy.

[157] Meni aňtaýanlar hem-de duşmanlarym köp, emma şonda-da düzgünleriňden çykýan däldirin.

[158] Ýigrenç bilen garaýaryn men dönüklere, olar buýruklaryňy berjaý etmeýär.

[159] Gör, nähili söýýärin buýruklaryňy! Sadyk söýgiňe görä ber ýaşaýyşy.

[160] Ýa Reb, hakykatdyr Seniň sözleriň! Adalatly hökümleriňiň bary asyrlarboýy. Şin

[161] Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar, emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar.

[162] Uly hazyna edinen kimin, Seniň wadaňa begenýärin men.

[163] Ýalany ýigrenip, ony nejis saýýaryn, men Seniň kanunyňy söýýärin.

[164] Seniň adalatly hökümleriň üçin, günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn.

[165] Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin, olar asla büdremez.

[166] Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn, tabşyryklaryňy berjaý edýärin.

[167] Kalbym berjaý edýär düzgünleriňi, men olary juda söýýärin.

[168] Berjaý edýärin buýruklaryňy, düzgünleriňi, çünki meniň ähli ýollarym mälimdir Saňa. Taw

[169] Ýa Reb, perýadym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä maňa düşünje ber.

[170] Ýalbaryşym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä meni halas et.

[171] Dilim öwgüler saçar, çünki maňa parzlaryňy öwretdiň;

[172] dilim Seniň wadaňy nagma ediner, çünki tabşyryklaryňyň ählisi dogry.

[173] Seniň eliň maňa, goý, ýardam bersin, çünki tabşyryklaryňa tabyn bolmagy men karar etdim.

[174] Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men, Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn.

[175] Goý, köňlüm ýaşasyn, Seni şöhratlandyrsyn, Seniň adalatly hökümleriň maňa, goý, kömek bersin.

[176] Ýiten goýun kimin azaşdym, gözle bendäňi, çünki tabşyryklaryňy unutmaýaryn.

Zebur — Chapters