[1] Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.
[2] Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim.
[3] Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin, mukaddes öýüňde Saňa seretdim.
[4] Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.
[5] Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.
[6] Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda, janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar.
[8] Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.
[9] Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.
[10] Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.
[11] Olar gylyjyň zarbyna berler, hem-de şagallara şam bolar.
[12] Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.