Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:27

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary üçin. Asafyň mezmury. Nagma.

[2] Hudaý Ýahudada meşhurdyr, Onuň ady Ysraýylda beýikdir.

[3] Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siondadyr.

[4] Ol şol ýerde döwdi otly peýkamlary hem-de galkany, gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela

[5] Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.

[6] Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar, olar baky uka gitdiler. Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de elini galdyrmaga gurby çatmady.

[7] Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden atlar, söweş arabalary doňup galdylar.

[8] Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?

[9] Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge, Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela

[11] Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby, gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.

[12] Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň, olary beriň, töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa sowgat getirsin.

[13] Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur, ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.

Zebur — Chapters