[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Asafyň mezmury.
[2] Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.
[3] Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn, gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin, meniň janym tesellini kabul etmeýär.
[4] Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin, Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela
[5] Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň, ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.
[6] Gadymy günler, köne döwür barada oýa batýaryn.
[7] Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
[8] Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy?
[9] Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi? Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
[10] Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
[11] Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».
[12] Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.
[13] Ähli işleriň barada pikir ederin, Seniň beýik işleriň barada oýa bataryn.
[14] Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý, Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar?
[15] Sen gudratlary edýän Hudaýsyň, Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň.
[16] Sen kuwwatly goluň bilen Öz halkyňy: Ýakubyň, Ýusubyň nesillerini azat eýlediň. Sela
[17] Eý, Hudaý, suwlar Seni gördüler, Seni görenlerinde heder etdiler, düýpsüz çuňluklar galpyldadylar.
[18] Bulutlar ýagmyr dökdüler, gökler gübürdediler, peýkamlaryň çar tarapa uçdular.
[19] Harasat içinde gürrüldiňiň sesi ýaňlandy, ýyldyrymlaryň dünýäni ýagtylandyrdy, ýer titräp, lerzana geldi.
[20] Seniň ýoluň deňiz içredi, Seniň ýodaň haýbatly suwlar içredi, emma aýak yzlaryň görünmeýärdi.
[21] Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň, olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň.