[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba bilen günä edenden soň, Natan pygamber onuň ýanyna gelýär. Şonda Dawudyň aýdan mezmury.
[3] Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna; Öz merhemetiňiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.
[4] Sen meni bütinleý ýuw ýazygymdan hem-de tämizle meni günämden.
[5] Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.
[6] Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.
[7] Hakyky, men günäli dünýä inelim bäri, günäli men enem göwresinde galalym bäri.
[8] Ine, Sen hakykat isleýärsiň ýürekde, danalygy öwredýärsiň meniň içimde.
[9] Meni käkilik oty bilen arassala, bolaryn men päk, meni ýuw, bolaryn men gardan hem ap-ak.
[10] Maňa eşitdir şatlykdyr begenç sesini, meni peseltdiň, indi bolsa, men şatlanaýyn.
[11] Meniň günälerimden sow Sen ýüzüňi hem-de öçür meniň ýazyklarymy.
[12] Eý, Hudaý, mende päk ýürek ýarat we içimdäki hakykat ruhuny özgert.
[13] Sen Öz huzuryňdan meni taşlama, menden Mukaddes Ruhuňy alma.
[14] Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.
[15] Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.
[16] Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.
[17] Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy, meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.
[18] Sen gurbanlyk isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlyklary bersem-de, razy bolmarsyň.
[19] Synyk ruh – Hudaýyň göwnünden turýan gurbanlyk; eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy Sen kemsitmersiň.
[20] Siona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.
[21] Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.