Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:55

[1] Ýa Reb, çuňluklardan çagyrýan Seni.

[2] Eý, Taňry, eşit sesimi, dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.

[3] Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň, ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler?

[4] Emma Senden gorkarlar ýaly, Sende bardyr geçirimlilik.

[5] Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan.

[6] Garawullar daňyň atmagyna intizar, hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar, meniň janym şondan hem köp Taňra intizar.

[7] Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy: Reb sadyk söýgüsini görkezýär, Ol hemişe halas etmäge taýýar.

[8] Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.

Zebur — Chapters