Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:22

[1] Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.

[2] Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit.

[3] Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme; olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen, emma welin pislik bar ýüreklerinde.

[4] Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.

[5] Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine üns bermeýändikleri sebäpli, Ol weýran eder olary hem-de gaýdyp bina etmez olary.

[6] Rebbe alkyş bolsun! Ol eşitdi perýadymyň sesini.

[7] Reb meniň güýjüm hem-de galkanym; Oňa bil baglady meniň ýüregim, Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar; Oňa nagmam bilen şükür ederin.

[8] Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.

[9] Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber, olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter!

Zebur — Chapters