[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň maskili.
[2] Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama, ret etme ýalbaryşymy.
[3] Meni ünsli diňle hem-de jogap ber, pikirlerim meni birahat edýär; duşmanyň sesinden ýaňa, erbet adamyň zulumyndan ýaňa, meniň başym çaşdy. Çünki olar maňa sütem edýärler, gaharlarynyň ajysyny pürkýärler.
[5] Ýüregim ezýet çekýär içimde, ölüm howpy abandy meniň üstüme.
[6] Gorky bilen galpyldy üstüme indi, meni aýylganç gorky gaplady.
[7] Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady! uçup gidip, asudalykda bolardym.
[8] Hakyky, uzaklara – çöl-beýewana tarap gaçardym. Sela
[9] Güýçli ýelden, gaý-harasatdan gaçalgama tarap men howlugardym».
[10] Bulaşdyr, ýa Taňry, alart agyzlaryny, çünki gördüm şäherde zorluk, jenjeli.
[11] Gije-gündiz diwarlarynyň üstünde aýlanýar olar, onuň içinde horluk, ezýet bar.
[12] Onuň ortasynda weýrançylyk bar, zulum, hile köçelerinden hiç aýrylmaýar.
[13] Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady – muňa çydardym, meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady – ondan gizlenerdim.
[14] Emma muny edýän sen, ýagny özüm bilen des-deň tutanym: meniň dostum hem-de ýaranym.
[15] Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik, jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik.
[16] Goý, ölüm olaryň başyna insin, olar ölüler dünýäsine, goý, diri barsyn, çünki ýamanlyk bar öýlerinde, aralarynda.
[17] Men bolsa çagyraryn Hudaýy, halas eder Reb meni.
[18] Agşam, ertir, günorta çagy men ýalbaryp, nala çekýärin, Ol eşidýär meniň sesimi.
[19] Maňa garşy bolan uruşda Ol halas eder meniň janymy, çünki köpler çykdy meniň garşyma.
[20] Owaldan tagtynda oturan Hudaý eşider hem-de olara gaýtawul berer. Çünki olarda özgerişlik ýok, Hudaýdan olar gorkanok.
[21] Ýoldaşym dostuna elin galdyrdy hem-de eden ähtini bozdy.
[22] Onuň gepi baldan süýjüdi, kalbynda bolsa uruş-jeň bardy. Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy, aslynda welin syrylan gylyçdy olar.
[23] Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez.
[24] Emma Sen, eý, Hudaý, ölüm çukuryna inderersiň olary; ganhorlar we hilegärler ömürleriniň ýaryny hem ýaşamaz; men bolsa Saňa bil baglaryn.