Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:38

[1] Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda, Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,

[2] Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne, Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.

[3] Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy.

[4] Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly.

[5] Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?

[6] Eý, daglar, näme üçin bökjekleşdiňiz siz goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly?

[7] Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde, Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!

[9] Bize däl, ýa Reb, bize däl, söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna şan-şöhrat ber Sen Özüňe!

[10] «Hany olaryň Hudaýy?» diýip, näme üçin milletler aýtsyn?!

[11] Biziň Hudaýymyz göklerde Ol göwnüniň islän zadyny edýär.

[12] Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir.

[13] Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär, gözleri bar, ýöne görmeýär.

[14] Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär, burunlary hem ys-kok almaýar.

[15] Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar.

[16] Şolar dek bolar olary ýasanlar, we olara bil baglan ähli ynsanlar.

[17] Eý, Ysraýyl, Rebbe bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.

[18] Eý, Harunyň nesli, Rebbe bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.

[19] Eý, Rebden gorkýan, Oňa bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.

[20] Reb bizi ýadyna saldy, Ol bize ak pata berer. Ol Ysraýylyň nesline ak pata berer, Ol Harunyň nesline ak pata berer.

[21] Rebden gorkýanlara, uly-kiçä ak pata berer;

[22] goý, Reb sizi hem-de zürýatlaryňyzy köpeltsin;

[23] goý, gögi-ýeri ýaradan Reb size ak pata bersin.

[24] Gökler Rebbiňkidir, ýeri bolsa Reb ynsan ogullaryna berdi.

[25] Merhumlar, gabra inýänleriň hiç biri Rebbi şöhratlandyrmaýar.

[26] Emma şindiden ebedä çenli, biz Rebbe aýtjak alkyşy. Rebbe şan-şöhrat bolsun!

Zebur — Chapters