Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:42

[1] Rebbe bil baglaýanlar Sion dagy deý: ol sarsmaz, ol durar asyrlarboýy.

[2] Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly, şindiden asyrlarboýy Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny.

[3] Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal.

[4] Ýa Reb, Sen ýalka, ýagşylary we päk ýüreklileri.

[5] Emma Reb özleriniň egri ýollaryna sowlanlary, betkärler bilen bile jezalandyrar; goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!

Zebur — Chapters