[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
[2] Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda. Maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
[3] Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz maňa ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela
[4] Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
[5] Gaharlanyp, günä galmaň siz, Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
[6] Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
[7] «Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
[8] Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
[9] Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.