Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:33

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Şawul Dawudy öldürmek üçin adamlary iberip, onuň öýüni garawulladanda, Dawudyň aýdan miktamy. «Heläk etme!» äheňinde aýdylýan.

[2] Eý, Hudaýym, halas et meni ýagylarymdan, gora meniň garşyma baş galdyrýanlardan.

[3] Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar, ganhorlardan meni halas et.

[4] Ine, olar meni öldürmek üçin bukuda ýatýar, güýçlüler maňa garşy dil birikdirýär, ýogsa ýazygym-da, günäm-de ýok, ýa Reb!

[5] Etmişim bolmasa-da, maňa hüjüm etmäge olar howlugýar, maňa kömek etmek üçin oýan we seret!

[6] Eý, Hökmürowan Beýik Hudaý, Sen Ysraýylyň Hudaýy! Galk Sen ähli milletlere jeza bermeklik üçin, haýyn betpälleriň hiç birine Sen rehim etme. Sela

[7] Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.

[8] Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.

[9] Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň, ähli milletleri masgaralaýaň.

[10] Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.

[11] Hudaýym sadyk söýgüsi bilen meni garşylar, maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.

[12] Eý, galkanymyz Taňry! Olary öldürme, ýogsa halkym unudar, olary Öz gudratyň bilen dargat-da, dyzyna çöker.

[13] Olar agyzlarynyň günäsi üçin, dilleriniň sözleri üçin, aýdýan gargyşlary, ýalan sözleri üçin, tekepbirliklerine, goý, özleri çolaşsyn.

[14] Sen gazabyňda ýok et olary, tä tükenýänçäler ýok et olary. Goý, mälim bolsun: Hudaý Ysraýylyň we tutuş ýer ýüzüniň Hojaýynydyr. Sela

[15] Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.

[16] Olar iýmit gözläp eýläk-beýläk urunýar, garynlary doýmasa, hyňranyşýar.

[17] Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn, ir säherde sadyk söýgiň hakda nagma aýdaryn. Çünki Sen maňa berkitme bolduň, muşakgatly günde Sen penam bolduň.

[18] Eý, Güýjüm, men Saňa nagma aýdaryn, çünki, eý, Hudaý, meniň berkitmäm – Sensiň. Sen meni wepalylyk bilen söýýän Hudaýsyň.

Zebur — Chapters