[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.
[2] Eý, Hudaý, Sen mynasypsyň Siondaky alkyşa, Saňa berlen kasamlar berjaý ediler.
[3] Sensiň doga-dilegleri eşidýän, ähli ynsanlar Saňa gelerler.
[4] Günäler götererden juda çökder bolanda, Sen olary bagyşlaýarsyň.
[5] Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň – Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly! Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň ýagşylygyndan doýaly.
[6] Eý, bizi halas eýleýän Hudaý! Gutulyşyň gudratly işlerini görkezmek bilen, Sen biziň dogalarymyza jogap berýärsiň. Ýeriň dört künjüniň, ummanyň aňyrsynda ýaşaýanlaryň umydy – Sensiň.
[7] Sen Öz kuwwatyňy guşandyň hem-de daglary berkarar etdiň.
[8] Deňizleriň tupan-harasadyny, onuň tolkunlarynyň güwwüldisini, halklaryň tolgunmasyny ýatyrýan Sensiň.
[9] Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.
[10] Sen ýeriň aladasyny edýärsiň – ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň; bol suwly derýalar arkaly halkyň gallasyny üpjün edýärsiň; sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň.
[11] Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň, onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň, ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň, onuň hasylyny bereketleýärsiň.
[12] Sen Öz jomartlygyňy ýyla jyga edip geýdirýärsiň, geçen ýerleriňden bolçulyk joşýar.
[13] Dolup-daşýar çöl örüleri, baýyrlar hem şatlyk guşanýar.
[14] Örüler sürülere beslenýär, dereler hem galla bürenýär, olar joşup aýdymlar aýdýar.