Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:00

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. «Guş kimin öz dagyňa gaç – diýip, maňa neneň aýdyp bilýäňiz? –

[2] Ine, gör, erbetler ýaýyny gurýar, peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar, dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.

[3] Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»

[4] Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.

[5] Reb synaýar dogry ynsany, emma Onuň kalby ýigrenýär erbetleri we zorluk söýýän adamy.

[6] Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.

[7] Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri; dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.

Zebur — Chapters