Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:58

[1] Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,

[2] onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini:

[3] «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn».

[6] Ine, Efratda Äht sandygy barada eşitdik, Ýegarym topragynda biz ony tapdyk.

[7] Ýörüň, Onuň mesgenine gideliň, Onuň aýagyna ýykylyp, sežde edeliň.

[8] Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa Öz güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen.

[9] Ruhanylaryň dogrulyk lybasyna beslensin, sadyklaryň, goý, şatlanyp, nagmalar aýtsyn.

[10] Guluň Dawudyň hatyrasyna, Öz seçip-saýlanyňdan Sen ýüz öwürme.

[11] Reb Dawut bilen ygtybarly äht baglaşdy, Ol eden ähtinden dänmez: «Seniň zürýatlaryňdan birini oturdaryn seniň tagtyňda.

[12] Eger zürýatlaryň berjaý etse ähtimi hem-de olara öwreden düzgünlerimi, olaryň zürýatlary hem seniň tagtyňda oturarlar ebedi».

[13] Çünki Reb Siony seçip-saýlady, ony Özüne mesgen etmek isledi:

[14] «Bu Meniň baky dynçlyk mekanym, ony küýsedim: şu ýerde mesgen tutaryn.

[15] Men onuň azygyny bolelin bereketlärin, onuň mätäçlerini nandan doýraryn.

[16] Ruhanylaryny gutulyş lybasyna beslärin, onuň sadyklary şatlanyp, nagmalar aýdar.

[17] Men ol ýerde Dawudyň kuwwatyny ösdürjek, Öz saýlanymyň şamçyragyna elmydama nur berjek.

[18] Onuň duşmanlaryny ryswalyga bürärin, onuň depesindäki täç bolsa ýalkymyn saçar».

Zebur — Chapters