[1] Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde, dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.
[2] Rebbe alkyş aýdyň lirada, Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.
[3] Aýdyň Oňa täze nagmany, şadyýan gygyryşyp, ussatlarça çalyň öz sazyňyzy.
[4] Çünki Rebbiň sözi dogry, wepalydyr Onuň ähli işleri.
[5] Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.
[6] Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.
[7] Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.
[8] Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
[9] Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy; Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.
[10] Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär, halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
[11] Emma ebedidir Reb maslahaty, Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.
[12] Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr; Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr.
[13] Reb göklerden nazar aýlaýar, Ol adamzadyň baryny görýär.
[14] Tagtynda oturan ýerinden ýeriň ähli ilatyna nazar aýlaýar:
[15] Oldur her biriniň ýüregini ýaradan, olaryň ähli işlerine düşünýän.
[16] Patyşany halas etmez uly goşuny, uly güýji halas etmez batyry.
[17] Güýçli bedew ýeňşi kepillendirmez, uly güýji bilen hiç kimi ol halas etmez.
[18] Ine, Rebbiň nazary Ondan gorkýanlarda, sadyk söýgüsine umyt baglaýanlarda.
[19] Ölümden olaň janyny Ol halas eder, açlyk döwründe-de aman galdyrar.
[20] Rebbi pena edinýär biziň janymyz, Ol – kömegimiz we galkanymyz.
[21] Onda şatlanýar ýüreklerimiz, çünki mukaddes adyna bil baglaýandyrys.
[22] Ýa Reb, biz Saňa umyt baglaýandyrys. Seniň sadyk söýgiň bize ýar bolsun!