[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
[2] Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni.
[3] Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
[4] Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň; Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa, meni ugrukdyr.
[5] Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
[6] Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy; meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
[7] Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary; men diňe Rebbe baglaýan bili.
[8] Begenip şatlanaryn sadyk söýgiňe, çünki Sen muşakgat halymy gördüň, janymyň çekýän derdini bildiň;
[9] tabşyrmadyň meni duşman eline; duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.
[10] Ýa Reb, maňa merhemet eýle, sebäbi men hasrat içinde; gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi; meniň janym hem-de bagrym gurady.
[11] Ömrüm soňlanyp barýar gam- -gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.
[12] Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar.
[13] Merhum dek unudyldym men; bir döwlen küýzä öwrülendirin.
[14] Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýärin men, maňa garşy dildüwşük guranlarynda, janyma kast etmekçi bolanlarynda, töwerek-daşymy gorky gaplaýar.
[15] Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýaryn men; Men diýýärin: «Sensiň meniň Hudaýym».
[16] Ömrümiň günleri Seniň eliňde; halas et meni ýagylarymyň hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden.
[17] Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne; sadyk söýgiň bilen meni halas et.
[18] Ýa Reb, meni utanja goýma, çünki Seni çagyrýaryn men; goý, erbetler utanja galsyn; ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn.
[19] Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun.
[20] Seniň ýagşylygyň neneňsi uly! Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony; adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara edýärsiň Sen bu ýagşylygy.
[21] Sen ynsan dildüwşüklerinden olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň; dilleriň dawalaşmagyndan çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň.
[22] Rebbe alkyş bolsun! Çünki Ol daşy gabalan şäherde maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi.
[23] Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.
[24] Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony! Reb goraýar Özüne wepadarlary, doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.
[25] Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary, batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz!