[1] Rebbe şan-şöhrat bolsun! Alef Rebden gorkýan, Bet buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly! Gimel
[2] Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, Dalet dogrularyň nesli bereket tapar. He
[3] Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, Waw dogrulygy dowam eder asyrlarboýy. Zaýin
[4] Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar, Ḥet ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir. Ṭet
[5] Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, Ýod ol işlerini adalatly ýola goýýandyr. Kaf
[6] Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz, Lamed müdimilik ol unudylmaz. Mem
[7] Ol şum habardan gorkmaz, Nun Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz. Sameh
[8] Onuň ýüregi mäkäm, Ğaýin ol asla eýmenmez, iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer. Pe
[9] Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, Tsadi onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty. Reş
[10] Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, Şin dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; Taw erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.