Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:44

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Uzakdaky dub agajynyň üstünde oturan kepderi» mukamynyň äheňinde çalynýan. Gat şäherinde piliştliler Dawudy tutanlarynda, onuň aýdan miktamy.

[2] Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle, çünki adamlar meni depgileýärler; duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.

[3] Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler, çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!

[4] Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.

[5] Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?

[6] Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.

[7] Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar.

[8] Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka? Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!

[9] Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?

[10] Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär; bilýärin: Hudaý tarapdarymdyr.

[11] Hudaýa – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,

[12] Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?

[13] Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin, Saňa şükür gurbanlyklaryny hödür ederin.

[14] Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň; ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly, Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.

Zebur — Chapters