Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:09

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

[2] Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.

[3] Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin hem-de Siondan seni goldasyn.

[4] Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela

[5] Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.

[6] Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys, Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris. Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.

[7] Men indi bilýärin: Öz seçip- -saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.

[8] Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.

[9] Olar büdrär hem-de ýykylar, biz bolsa turarys hem dik durarys.

[10] Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber.

Zebur — Chapters