Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:25

[1] «Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!» –

[2] diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn. Ol olary duşman elinden halas eýledi,

[3] olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.

[4] Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy, ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.

[5] Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa, olarda ysgyn-mydar galmady.

[6] Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.

[7] Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.

[8] Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.

[9] Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.

[10] Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady, zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.

[11] Çünki olar Hudaý sözüne tabyn bolmandy, Beýik Hudaýyň öwüdine äsgermezlik edipdi.

[12] Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi: ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.

[13] Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.

[14] Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy, olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.

[15] Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.

[16] Çünki Ol bürünç derwezeleri çym-pytrak etdi, demir söýeleri ikä bölüp taşlady.

[17] Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly, akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.

[18] Olar iýmitiň islendigini ýigrendi, ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.

[19] Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.

[20] Ol sözüni iberdi we şypa berdi, olary gabra inmekden halas eýledi.

[21] Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin,

[22] şükür gurbanlyklaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.

[23] Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler

[24] Rebbiň işlerini, çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:

[25] Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.

[26] Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi, gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.

[27] Serhoş kimin yranyp entirekledi, akyl-huşlary başyndan uçdy.

[28] Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.

[29] Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary köşeşdi.

[30] Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy, Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi.

[31] Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.

[32] Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.

[33] -

[34] Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly, derýalary öwürýär çölüstanlyga, suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga, bereketli topragy – şorluk ýerlere.

[35] Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.

[36] Ol şol ýerde aç-suwsuzlary ýaşadýar, olar hem ýaşamak üçin şäher gurunýar.

[37] Olar meýdanlara ekin ekýär, üzüm baglaryny oturdýar hem-de boldan – bol hasyly alýar.

[38] Hudaýyň berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.

[39] Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,

[40] Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.

[41] Mätäji bolsa görgülerinden dyndyrýar, onuň maşgalasyny süri kimin köpeldýär.

[42] Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar, erbetler bolsa agzyny ýumýar.

[43] Paýhasy bolan muňa üns bersin, Rebbiň sadyk söýgüsini aňlasyn.

Zebur — Chapters