Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:25

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.

[2] Eý, hökümdarlar, dogrudan-da, adalatly kazylyk edýäňizmi? Siz ynsan ogullaryna ýüz görmezden höküm çykarýaňyzmy?

[3] Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz, elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.

[4] Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.

[5] Olar alahöwren ýaly zäherlidirler. Olar ökde jadygöýüň ýa-da owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.

[7] Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini, ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.

[8] Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin, oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.

[9] Goý, eräp giden balykgulak deý bolsun, aýalyň düşen çagasy deý güneş görmesin.

[10] Olar böwürslen deý tiken çykarmankalar, gök bolsun, gury bolsun, goý, tüweleý äkitsin.

[11] Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar, erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.

[12] Ynsan diýer: «Dogrudan-da, dogry ynsana sylag bar eken! Dogrudan-da, dünýä kazylyk edýän Hudaý bar eken!»

Zebur — Chapters