Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:37

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury.

[2] Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.

[3] Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.

[4] Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman: olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär, men olar üçin gyşaran diwar, çagşan haýat dek.

[5] Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela

[6] Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym.

[7] Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: yranmaryn men.

[8] Hudaýdadyr gutulyşym hem-de şöhratym, Hudaýdadyr mäkäm gaýam we meniň penam.

[9] Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela

[10] Ynsanlar biderek zatdyr, ynsan ogullary bir ýalan zatdyr. Olaryň hemmesini terezä goýsaň, howadan hem ýeňil bolar olaň agramy.

[11] Talaňçylyga siz bil baglamaň, ogurlyga umyt baglamaň, baýlyk artsa, oňa kalbyňyz bermäň.

[12] Hudaý maňa aýtdy, men gaýta-gaýta eşitdim muny: gudrat Hudaýdadyr.

[13] Ýa Taňry, sadyk söýgi Seniňkidir, Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň.

Zebur — Chapters