[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Dawudyň mezmury.
[2] Eý, Hudaý, meni halas et, çünki suwlar boýnuma ýetdi.
[3] Çuň batgalyga batyp barýaryn, aýagymy diremäge hiç ýer ýok. Çuň suwlara girdim, siller meni girdabyna gaplady.
[4] Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.
[5] Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?
[6] Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meň akmaklygym, Senden gizlin däldir meň günälerim.
[7] Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli! Saňa umyt baglaýanlar men zerarly, goý, utanmasyn; Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar men zerarly, goý, uýalmasyn.
[8] Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum, meniň ýüzümi utanç büredi.
[9] Men doganlaryma gelmişek boldum, ejemiň ogullaryna keseki boldum.
[10] Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürdi, Saňa dil ýetirýänleriň gepi başyma indi.
[11] Agyz bekläp, gözýaş döküp, ruhumy syndyranymda, bularyň bary maňa gyjalat boldy.
[12] July eşik edinenimde, olaryň agyz-diline düşdüm.
[13] Derwezede oturanlar meniň gybatym edýär, serhoşlar men barada aýdymlar düzýär.
[14] Ýa, Reb hoşamaýlyk et-de, dogamy eşit. Öz söýgiňe görä, halas ediş güýjüňiň sadyklygynda maňa jogap ber.
[15] Halas et, men batgalyga batmaýyn; meni ýigrenýänlerden, suwlaryň çuňlugyndan halas bolaýyn.
[16] Sil suwlary meni girdabyna salmasyn, çuňluk meni, goý, ýuwutmasyn, gabyr üstümden öz agzyny ýummasyn.
[17] Ýa Reb, maňa jogap ber, çünki Seniň sadyk söýgiň ýagşydyr; bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.
[18] Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!
[19] Maňa ýakynlaş hem-de halas et, duşmanlarymyň elinden meni azat et.
[20] Sen bilýärsiň men babatda aýdylýan ýaman gepleri, meniň utanjymy, betnamlygymy. Sen bilýärsiň ähli duşmanlarymy.
[21] Ryswalyk ýüregimi perişan etdi – men ruhdan düşdüm. Tessellä garaşdym, emma bolmady; göwünlik berjekleri agtardym, emma tapmadym.
[22] Olar nahar ýerine maňa öt berdi, suwsanymda sirke içirdi.
[23] Olara öz saçagy, goý, duzak bolsun, myhmanlary üçin bir gapan bolsun.
[24] Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, olar elmydama, goý, sandyrasyn.
[25] Olaryň üstüne Öz gazabyňy dök, gaharyňyň ody olaryň üstüne insin.
[26] Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn, çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.
[27] Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar, ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler.
[28] Sen olaryň jezasyna jeza goş, olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn.
[29] Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.
[30] Emma men bir mätäç, ejir çekýärin, eý, Hudaý, halas et we gora meni.
[31] Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.
[32] Bu has köp ýarar Rebbiň göwnüne şahly, toýnakly öküzden ýa-da bugadan.
[33] Pes göwünliler muny görüp begensin, eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.
[34] Çünki Reb mätäçleri eşidýär, Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.
[35] Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli jandarlar.
[36] Çünki Hudaý halas eder Siony, dikelder Ýahudanyň şäherlerini, olar ornaşyp, şol ýere eýelik ederler.
[37] Bendeleriniň nesilleri ol ýeri miras alarlar, Onuň adyny söýýänler şol ýerde mesgen tutarlar.