Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:23

[1] Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi. Alef

[2] Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar. Bet

[3] Reb bilen meniň janym magtanar, pespäller eşider hem-de şat bolar. Gimel

[4] Meniň bilen bile Rebbi öweliň, beýgeldeli bilelikde Onuň adyny. Dalet

[5] Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi. He

[6] Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz. Zaýin

[7] Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi, meni ähli azaplarymdan halas eýledi. Ḥet

[8] Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar, olary bela-beterden halas eýleýär. Ṭet

[9] Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly! Ýod

[10] Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi. Kaf

[11] Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi. Lamed

[12] Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy. Mem

[13] Isleýärmiň döwran sürmegi? Göresiň gelýärmi ýagşy günleri? Nun

[14] Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy; Sameh

[15] ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma. Ğaýin

[16] Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Pe

[17] Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz. Tsadi

[18] Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär. Ķof

[19] Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir. Reş

[20] Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas edýändir. Şinׁ

[21] Onuň ähli süňklerini goraýar, olaryň biri hem döwülmez. Taw

[22] Ýamanlyk erbet adamy öldürer, dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.

[23] Reb Öz bendelerini halas edýändir, Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.

Zebur — Chapters