[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
[2] Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
[3] Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä.
[4] Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň.
[5] Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
[6] Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.
[7] Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.
[8] Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär.
[9] Rebbiň buýruklary dogrudyr, olar ýüregi şatlandyrýar. Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr, olar gözleri nurlandyrýar.
[10] Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.
[11] Arzuwlydyr olar altyndan, hatda sap altynyň köplüginden-de; süýjüdir olar ary balyndan, aryň mum öýjüginden damýan baldan-da.
[12] Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly; olary berjaý etmekde beýik sylag bar.
[13] Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär? Meni gizlin ýazyklardan tämizle.
[14] Öz bendäňi gora betpällik günälerinden, olar höküm sürmesin meniň üstümden; men aýypsyz bolaryn şonda, päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.
[15] Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.