[1] Ýa Reb, gulak goý, maňa jogap ber, çünki men garyp we mätäçdirin.
[2] Janymy gora, men Saňa sadyk, Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle; meniň Hudaýym Sensiň.
[3] Ýa Taňry, maňa merhemet eýle, men uzakly gün Saňa perýat edýärin.
[4] Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny, çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.
[5] Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi.
[6] Ýa Reb, gulak goý meniň dogama, dykgat ber perýadymyň dat-bidadyna.
[7] Muşakgatly günümde çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby.
[8] Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.
[9] Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.
[10] Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
[11] Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly, maňa öwret Sen Öz ýoluňy. Seniň adyňdan gorkarym ýaly, Özüňe bagla meniň ýüregimi.
[12] Ýa Taňry, meniň Hudaýym, tutuş kalbym bilen Saňa şükür edýärin, Seniň adyňy elmydama taryp ederin.
[13] Çünki maňa bolan sadyk söýgiň beýikdir, Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.
[14] Eý, Hudaý, tekepbirler garşyma galýar, zalymlar topary meni öldürjek bolýar, olar Sen barada hiç oýlanmaýar.
[15] Sen bolsa, ýa Taňry, rehimli, merhemetli Hudaýsyň, Sen giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý.
[16] Maňa nazar sal-da, merhemet eýle, gujur-gaýratyňdan ber Öz bendäňe, keniziňiň ogluny Sen halas eýle.
[17] Öz hoşamaýlygyňdan bir nyşan görkez, meni ýigrenýänler ony görüp, utanja galsyn. Sebäbi, ýa Reb, Sen kömek etdiň, Sen maňa göwünlik berdiň.