Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:11

[1] Ysraýyl patyşasy, Dawut ogly Süleýmanyň pähimleri.

[2] Bu pähimler danalygy we öwüt- -nesihaty bilmek, paýhasly sözleriň manysyna düşünmek üçindir.

[3] Parasatly hem-de dogruçyl bolmak, adyllyk we deňlik, öwüt-‑nesihaty özleşdirmek,

[4] sadalara paýhas, ýaşlara bilim we akyl bermek üçindir.

[5] Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.

[7] Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.

[8] Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.

[9] Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar.

[10] Eý, oglum, seni günäkärler azdyrjak bolsa ylalaşma.

[11] Eger olar: «Biziň bilen ýör. Gan dökmek üçin bukuda garaşaly, sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli.

[12] Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwudalyň.

[13] Her hili baýlyk taparys, öýümizi oljadan doldurarys.

[14] Ählimiz üçin horjun bir bolsun, aramyzda şärikligimiz deň bolsun» diýseler,

[15] eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.

[16] Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.

[17] -

[18] Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur. Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler, bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.

[19] Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.

[20] Danalyk köçede gaty seslenýär, bazar ýerlerinde jar çekýär.

[21] Jemendeli ýerlerde gygyrýar, şäher derwezesiniň agzynda sözleýär:

[22] «Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?

[23] Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.

[24] Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.

[25] Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.

[26] Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn.

[27] Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,

[28] meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.

[29] Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.

[30] Meniň maslahatymy kabul etmediler, ähli käýinjimi ýigrendiler.

[31] Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.

[32] Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.

[33] Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».

Süleýmanyň pähimleri — Chapters