[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
[2] Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit, duşman wehiminden janymy gora.
[3] Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.
[4] Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.
[6] Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.
[7] Olar jenaýat etmegi niýet edinýär, olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük, ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip, biri-birine aýdýar.
[8] Emma Hudaý olara peýkamyn atar, olar duýdansyz ýaralanar.
[9] Öz dilleri olaryň başyna ýeter, olary görenleriň bary hopugyp gaçar.
[10] Ähli ynsanlar gorka düşerler, olar Hudaýyň işini beýan ederler; Onuň edeni barada pikir ederler.
[11] Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.