Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:52

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýatlanma dilegi.

[2] Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.

[3] Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.

[4] Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.

[5] Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Hudaý beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.

[6] Men bolsa garyp we mätäç, ýöne, eý Hudaý, maňa gamhorlyk etgin; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, ýa meniň Rebbim!

Zebur — Chapters