[1] Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!
[2] Reb Sionda beýikdir, ähli halklardan beýgeldilendir.
[3] Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!
[4] Sen adalaty söýýän Patyşa: ýüz görmezligi, adalaty, dogrulygy berkarar etdiň; bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.
[5] Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň: mukaddesdir Ol!
[6] Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.
[7] Ol olara bulut sütüninden gürledi, olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.
[8] Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň. Sen etmişleri üçin jeza berseň-de, olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.
[9] Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!